Salam hormatly ildeşler!

Bu meniñ şahsy saýtym bolup, onda birinji nobatda öz ýazan kitaplarymdyr ylmy hem siýasi makalalarymy ýerleşdirýärin. Onuñ daşyndan-da dürli çeşmelerden mähriban milletime, ylaýta-da ýaş nesillerimize peýdaly kitapdyr ylmy hem siýasi makalalary tapyp ýerleşdirmegi maksad edindim. 

Hormatly okyjylaryñ tankydy pikirlerini minnetdarlyk bilen kabul edip olardan ýalñyşlarymy düzetmek weýa ýazan zatlarymyñ üstüni ýetirmek üçin peýdalanaryn. Eger-de isleşeler belli meseleler hakynda geñeşip pikir alyp-berişmäge ýa-da belli meseleler hakynda soraglary bar bolsa elimden gelen kömegi etmäge taýynlygymy-da yglan edýärin.

Jeýhun bilen bahry-Hazar arasy,
Çöl üstünden öser ýeli türkmeniň;
Gül-gunçasy – gara gözüm garasy,
Gara dagdan iner sili türkmeniň.

***

Magtymguly, sözle her ne bileniñ,
Özüñe kemlik bil aýtman öleniñ,

Taraşlap, şaglatgyl köñle gelenin,
Senden soñkylara ýadygär bolar!


Möchtest du mehr wissen?